Bizin maksadymyz

image

                “Marysyýahat” kärhanasy 1995 –nji ýylda Mary welaýatynda ilkinji  syýahat bölümi hökmünde işe başlaýar. Kärhana 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we Sport baradaky döwlet komitetine degişli edilip, “Marysyýahat” döwlet syýahatçylyk kärhanasy diýlip atlandyrylyp başlanýar. Kärhana 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 01-dan  hususy eýeçilige geçip “Marysyýahat” hojalyk jemgyýeti bolup işini dowam etdirýär.    

                “Marysyýahat” hojalyk jemgyýeti özüniň esaslandyrylan döwründen başlap şu wagta çenli dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän sergi ýarmarkalaryna ýzygiderli gatnaşyp durýar. “Marysyýahat” hojalyk jemgyýeti  daşary ýurtlarda hereket edýän dürli syýahat kärhanalary bilen syýahat hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşyp, olar bilen daşary ýurtlaryň birnäçesine  ýagny BAE, Russiýa Federasiýasy, Ukraina,Belarusiýa,Hytaý, Eýran, Hindistan, Özbegistan, Gazagystan, Taýland, Türkiýa ýaly  ençeme ýurtlara raýatlarymyz üçin gyzykly syýahat ugurlaryny gurnap olara wiza resminamalaryny resmileşdirmek, olary uçar petekleri bilen üpjin etmek, olara öňünden myhmanhanalardan ýer bronlap bermek , hem-de raýatlarymyzy daşary ýurtlarda mynasyp garşylanylyp olar üçin gyzykly syýahat ugrlarynyň gurnalmagyny bökdençsiz üpjin etmek ýaly dürli hyzmatlary ýerine ýetirýär.

               “Marysyýahat” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ýerleşýän dürli şypahanalarda saglygyny dikeltmek isleýän raýatlarymyz hem-de   daşary ýurt raýatlary üçin ýerleri bronlap bermek hyzmatlaryny, ýurdumyzda bar bolan  goraghanalara (Köýtendag, Badhyz, Repetek, Çemenenit, Köpetdag, Sünkhasardag, Amyderýa, Gaplaňgyr, Hazar we ş.m.) hem-de ýurdumyzyň beýleki taryhy ýadygärlikler toplumlaryna, we ülkämiziň  gözel künjeklerine “Ak ṣäherim- Aṣgabat ”, “Maru-Şahu-Jahan ”, “Gadymy Merw ýadygärlikler toplumy” “Margiana” (gadymy Marguş şäheri), “Ýeke gowak”,“Köýtendag- gözelligiň gözbaşy”,“Günbatar  Türkmenistana syýahat” ,“Köneürgenç-360 pirleriň mekany”, “Awaza milli syýahatçylyk zolagy” ýaly syýahat ugrlary arkaly ýokary derejeli syýahat hyzmatlaryny hödürleýär.