Bizin maksadymyz

image

Erkin Gurluşyk HK adam daşamak hyzmatynyň ýanynda ýük çekmek hyzmatyny hem amala aşyrýar. Ýük çekmek hyzmaty samoswal, awtokran we beton hyzmatlaryny öz içine alýar.

Kompaniýamyz öz samoswallary bilen ýerli kompaniýalaryň we öz ýurdumyzda işleýan daşary ýurtly kompaniýalaryň mytyý, çagyl we şeben ýaly gurluşyk materiallaryny daşamakda kömek edýär. 

Awtokran hyzmaty bilen bolsa müşderilerimiziň ýüküni galdyrmak, bir ýerden başga bir ýere daşamak hyzmatyny berýäris.

Beton hyzmatlary sement (gury) we taýýar beton daşamak hyzmatlaryny öz içine alýar. Erkin Gurluşyk HK ýörite gury sementi sorduryp alýan nasos bilen üpjün edilen awtoulaglary bilen müşderilerine sement daşamak hyzmatyny hödürleýar. Munuň daşynda kompaniýamyz mikserleri bilen taýýar beton taýýarlamak we daşamak hyzmatyny bökdençsiz ýerine ýetirýär.

Erkin Gurluşyk HK ýokarda agzalan hyzmatlaryň hemmesini Kamaz, Maz, Iýeko, Ýolýo we Forlan ýaly dünýä belli awtoulaglar bilen amala aşyrýar.

Hyzmat beren ýerli firmalaryň arasynda Röwşen HK, Marhaba we Muhammet Balkan HK ýaly ýurdumyzyň iri kompaniýalary bar. Bulardan başga-da ýurdumuzda hereket edýän Rönesans, Gap Inşaat we Hýundaý Engineering ýaly kompaniýalara hyzmat berildi.

Erkin Gurluşyk HK öz müşderilerine ýokary hilli hyzmaty wagtynda, bökdençsiz we howpsuz bermek üçin awtoulaglaryň guratlygyna wagtynda gözegçilik edýär. Awtoulaglara öz işlerine erjellik bilen ýapyşýan tejribeli sürüjiler berkidilen.