Biz barada

Biziň kompaniýamyz barada

“Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy gurluşyk, gurnama, abatlaýyş we yşyklandyrma işlerini ýerine ýetirýän türkmen kompaniýasy bolmak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. 2010-njy ýylda ýurdumyzyň Mary welaýatynda esaslandyrylan “Erkin gurluşyk” HK häzirki wagta çenli 20-ä golaý taslamany üstünlikli amala aşyrdy. Bu taslamalaryň ählisi hem Mary welaýatynyň çäginde ýerleşip, welaýat häkimligi, harby we hukuk goraýjy edaralar, şeýle hem telekeçiler esasy sargyt edijiler hökmünde çykyş edýär.

Biziň iş meýilnamamyz

Häzirki wagtda welaýatyň çäginde alyp barýan taslamalarymyzdan ugur alyp, ýerli çäkde gazanan tejribimizi we abraýymyzy ýurt derejesine çykarmagy meýilleşdirýäris. Türkmenistanyň dürli künjeginde, hususan-da paýtagtymyz Aşgabat şäherinde tapgyrlaýyn alnyp barylýan kämilleşdiriş işlerine goşant goşmagy maksat edinýäris. Ýokary hilli we ygtybarly binalary gurmaga esaslanýan täjirçilik strategiýamyzy degişli taslamalarda dolulygyna subut etmegi göz öňünde tutýarys.

Ýurdumyzyň binagärlik taýdan yzygiderli ösüş gazanmagy ýerli telekeçilige-de öz täsirini ýetirýär. Diňe kämillige ymtylýan gurluşyk ulgamynda türkmen kompaniýasy hökmünde öz ornumyzy almak iş meýilnamamyzyň esasyny düzýär.

Häzirki wagtda kompaniýamyzyň ilkinji maksady Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrunda ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýy toplumyny üstünlikli tamamlamak bolup durýar.

Biziň maksadymyz

“Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy hökmünde biziň esasy maksadymyz Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyk we gurnama ulgamyndaky tejribämiziň esasynda gurýan binalarymyzyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmekdir. 10 ýyldan gowrak wagt bäri bu ulgamda toplan tejribämiziň esasynda amala aşyrýan taslamalarymyzyň netijesinde kompaniýamyza bolan ynamyň derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Gurluşyk harytlarynyň söwdasyny hem amala aşyrýandymyzy bellemek bilen, binalarda we desgalarda ulanýan gurluşyk harytlarymyzyň ygtybarlylygyna hem-de hiline doly güwä geçýäris. Kepillige we hile bolan ynamymyzyň esasynda Türkmenistanda ýerine ýetirýän we häzirki wagtda taýýarlaýan  taslamalarymyzyň görnüş taýdan tapawutlanmagyny, şeýle hem ygtybarlylygyny uzak wagtyň dowamynda gorap saklamagyny maksat edinýäris.

Sertifikatlar